Tesla bir ýylda dünýäniň iň gymmat awtomobil brendleriniň sanawynda iki setir ýokary galyp, Mercedes-Benz bilen Toyota-dan öňe geçip, ilkinji gezek birinji orny eýeledi. Muny Brand Finance-yň maglumatlary delillendirýär diýip, interfax.ru habar berýär. Häzirki wagtda Tesla brendiniň bahasy 66,2 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar, bir ýylyň dowamynda görkeziji 44%, pandemiýadan öňki döwürden bäri bäş esse ýokarlandy. Toyota bahasynyň 18%-ini ýitirip, üçünji orna düşdi ($52,5 mlrd), Mercedes-Benz bolsa ikinji orunda galdy (minus 3%, $58,8 mlrd). Bahada iň uly ösüşi Hytaýyň Sokon awtomobil brendi görkezdi – bir ýylda 123%, $739 mln çenli. Analitikler iň güýçli brend hökmünde Ferrari NV-ni bellediler we oňa iň ýokary “AAA+” reýtingi berdiler. Brendiň güýjüne baha berlende kompaniýa bahasyndan başga-da, marketinge maýa goýumlar, operasion netijeler, şeýle-de gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşyklar (işgärlerden, üpjün edijilerden we paýdarlardan başlap, döwlet edaralaryna we jemgyýetçilik guramalaryna çenli) ýaly görkezijileri-de göz öňünde tutýar. Ferrari brendiniň bahasy bir ýylda, esasanam, ýewronyň dollara bolan gatnaşykda hümmetiniň peselmegi sebäpli 8%, $7,4 mlrd çenli azaldy. Ýewroda bu görkeziji 3% ýokarlandy. Awtoulag şaýlaryny öndürijileriň arasynda iň gymmat brend ýene-de ýapon Denso-sy boldy, onuň bahasy bir ýylda 6%, $4,5 mlrd çenli ýokarlandy. Şinalary öndürijileriň arasynda Fransiýanyň Michelin brendi lider bolmagynda galdy (+2%, $7,9 mlrd çenli).

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir