Saud Arabystany maý aýynda Aziýadaky müşderileri üçin nebitiň bahasyny ýokarlandyrar. Bu barada Saudi Aramco döwlet kompaniýasyna salgylanyp, Interfaks habar berýär. Aýratynam, nebitiň “agyr” görnüşi Arab Heavy has gymmatlar, ýagny baha bir barrel üçin 50 sent ýokarlanar. Iň meşhur görnüş bolan Arab Light bolsa 30 sent gymmatlar. Saudi Aramco eýýäm yzygider üçünji aý Aziýadaky alyjylar üçin nebitiň bahalaryny ýokarlandyrýar. Şol bir wagtyň özünde treýderler Arab Light üçin bahanyň ortaça 43 sent arzanlamagyna garaşypdylar diýip, Bloomberg pikir soraşmanyň geçen dynç günleri OPEK+ ýurtlarynyň birnäçesi, şol sanda Saud Arabystany tarapyndan yglan edilen önümçiligiň goşmaça azaldylmasyndan öň geçirilendigini hem belledi. Aziýaly müşderiler üçin nebitiň bahasy Oman/Dubai baha markeri bilen tapawut görnüşinde kesgitlenýär. Saudi Aramco Aziýa ähli eksport edilýän nebitiň, takmynan, 60%-ini iberýär.