Köp ýurtlar indi saglygy goraýyş işgärleriniň we hassalara ideg ediji işgärleriň ýetmezçiligine duçar bolýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) baş müdiri Tedros Adanom Gebreýesus penşenbe güni Ženewada geçirilen brifingde 2030-njy ýyla çenli dünýäde bu kärler boýunça hünärmenleriň ýetmezçiliginiň 10 million adama ýetip biljekdigini aýtdy. "Saglygy goraýyş işgärleri islendik saglygy goraýyş ulgamynyň diregi bolup durýar" – diýip, ol ýatlatdy. Soňra: "Köp ýurtlar lukmançylyk we ideg ediji işgärleriň ýetmezçiligini başdan geçirýär we olaryň birnäçesi has gowy aýlyk hem-de iş şertleriniň gözleginde beýleki ýurtlara gidýärler" – diýip, baş müdir sözüniň üstüni ýetirdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy: "Häzirki tendensiýa dowam etse, dünýä 2030-njy ýyla çenli 1030 saglyk işgäriniň we ideg ediji işgärleriň ýetmezçiligine duçar bolar, esasanam, ýetmezçilik iň garyp ýurtlarda ýiti duýular" diýip çaklaýar. BSGG ähli ýurtlary saglygy goraýyş we ideg ediş ulgamyndaky işgärleri howpsuz iş şertleri, mynasyp aýlyk haklary bilen üpjün etmek, şeýle-de olaryň zähmet hukuklaryny goramak, zorlukdan hem-de hukuk kemsidilmelerinden penalamak arkaly “saglygy goraýyş işgärlerini goramaga we ol ugurda maýa goýmaga” çagyrdy.