Türkiýe "Ýewro 2028"-i we "Ýewro 2032"-ni geçirmäge dalaşgärligini resmi taýdan yglan etdi. Türk HBS-ne salgylanýan Trend Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglunyň degişli resminama gol çekendigini habar berýär. Arza 12-nji aprelde UEFA-a tabşyrylar. Türkiýäni dalaşgärlige hödürlemek baradaky resminamada stadionlar, myhmanlaryň ýerleşdiriljek ýerleri, ulag we şäher infrastrukturasy baradaky maglumatlar bar. UEFA şu ýylyň oktýabr aýynda "Ýewro 2028"-i we "Ýewro 2032"-i kabul etjek ýurtlary yglan eder. "Ýewro 2024"-iň Germaniýada geçiriljekdigini belleýäris.