Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç dünýäniň birinji raketkasy adyny gaýdyp aldy. ATP reýtinginiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, sport-interfax.ru habar berýär. Jokowiç Maýamide geçirilen Masters ýaryşynyň ýarym finalyndan soň çykan ispaniýaly Karlos Alkarasdan öňe geçdi. Netijede, Alkaras ikinji setire düşdi. Üçünji orny Gresiýanyň wekili Stefanos Sisipas saklap galdy. Bäşinji orundan dördünji orna Maýamidäki ýaryşda ýeňiji bolan russiýaly Daniil Medwedew çykdy. Dördünji orundan bäşinji orna norwegiýaly Kasper Ruud düşdi. Ýedinji orundan altynjy orna russiýaly Andreý Rublýow çykdy. Ol kanadaly Feliks Ože-Alýassim bilen ornuny çalyşdy. Maýamidäki ýaryşyň finalynda Medwedewden utulan italiýaly Ýannik Sinner iki basgançak ýokary galyp, dokuzynjy orny eýeledi. Ilkinji onlugy amerikaly Teýlor Fris jemleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir