Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow karar kabul etmek işini tizleşdirmek üçin administrasiýasynyň işgärlerini 72 birlik azaldyp, 259 adama ýetirdi. Bu barada onuň metbugat gullugy habar berdi. Bu çözgüt karar kabul etmek işiniň netijeliligini, dessinligini we optimizasiýasyny, şeýle hem respublikanyň býujet serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi. "Üstlerine ýüklenen wezipeleri oýlanyşykly ýerine ýetirmekleri üçin käbir gurluş bölümleri birleşdirildi, birnäçe wezipeler ýapyldy. Şol bir wagtyň özünde, sebitdäki ösüş meselelerine jogapkär gurluş bölümleri, şeýle hem dürli ugurlardaky işleriň ýagdaýyna toplumlaýyn seljerme geçirilişi boşadylan düzüm birlikleriniň hasabyna güýçlendirildi, "- diýip, metbugat gullugynda aýtdylar.