Owganystanyň Hyrat welaýatynda TOPH taslamasy üçin ýer almak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministri Ziaur Rahman Kabulda metbugat maslahatynyň barşynda aýtdy diýip, Orient agentligi owgan habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär. Owganystanda talibanlaryň wagtlaýyn hökümet TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça tehniki işleriň tamamlanandygyny habar berdi. Ziaur Rahmanyň sözlerine görä, dürli welaýatlarda 400-den gowrak ýer bölekleri arassalandy. Mundan öň, russiýaly turba öndürijileri Türkmenistandan Hindistana geçjek gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna gatnaşmaga taýýarlygyny mälim etdiler.