Apple kompaniýasy korporatiw ownuk söwda bölüminiň işgärleriniň sanyny azaldar. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, kompaniýa şeýle hereketi işden çykarmak däl-de, işi optimizasiýalaşdyrmaga synanyşyk diýip atlandyrýar. Işden çykaryljak işgärleriň sany mälim edilmeýär, ýöne onuň az bolmagyna garaşylýar. Apple-iň Kaliforniýa ştatynyň Kupertino şäherindäki ştab-kwartirasynda bu azaltma barada teswir bermekden ýüz öwürdiler diýip, agentlik belledi. Fewral aýynda Bloomberg neşiri 2022-nji ýylda ABŞ-daky tehnologiki kompaniýalaryň girdejileriniň ykdysady çökgünligiň netijesinde haryt satuwynyň pese gaçmagy sebäpli ep-esli azalandygyny habar berdi. Islegiň peselmegi sebäpli Apple kompaniýasynyň paýnamalary 5,6% pese gaçdy.