Amerikan elektromobil öndürijisi Tesla birinji çärýekde üpjünçiligi geçen üç aý bilen deňeşdirilende 4% ýokarlandyryp, kompaniýanyň taryhynda rekord 422 875 awtomobile ýetirdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär. Şol sanda Model S we Model X awtomobilleriniň üpjünçiligi 10 695 birlik, Model 3 we Model Y awtomobilleriniň üpjünçiligi 412 180 birlik boldy. FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler üpjünçiligiň ortaça 432 müň birlik derejesinde bolmagyny çaklapdylar. “Ýylyň başynda Model Y we Model 3 modelleriniň bahasynyň arzanlamagy Ilon Maska we onuň kompaniýasyna uly peýda getirdi, sebäbi näbelli makroykdysady ýagdaýa garamazdan isleg örän güýçli. Şeýle-de, biz geçen çärýek Hytaýda sarp edijileriň islegi gowulaşdy diýip hasaplaýarys” – diýip, Wedbush analitigi Deniel Aýwz ýazýar. Geçen çärýek Tesla 440,8 müň awtomobil çykardy. Kompaniýa birinji çärýek üçin maliýe hasabatyny 19-njy aprelde ABŞ-daky söwda ýapylandan soň çap etmegi meýilleşdirýär. Birinji çärýekde awtoöndürijiniň paýnamalarynyň bahasy 68% ýokarlanyp, 2020-nji ýyldan bäri iň gowy çärýegi görkezdi.