Amerikaly astronawtlar Kristina Kuk, Wiktor Glower we Reýd Uaýzmen, şeýle-de kanadaly astronawt Jeremi Hansen 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Aýyň töweregine uçuşy amala aşyrjak Artemis 2 missiýasynyň düzümine girerler. Bu barada Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edaranyň (NASA) habarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär. Uçuş NASA Orion gämisinde amala aşyrylar. Missiýa Aýy aýlanyp, Ýere gaýdyp geler. 2019-njy ýylyň ýazynda NASA üç tapgyrdan ybarat bolan Artemis Aý maksatnamasynyň taslamasyny anons etdi. Olardan birinjisi (Artemis 1) Space Launch System (SLS) raketasyna oturdylan Orion gämisiniň Aýyň töweregine sürüjisiz uçuşyny we Ýere gaýdyp gelmegini göz öňünde tutupdy. Uçuş 2022-nji ýylyň 16-njy noýabryndan 11-nji dekabry aralygynda boldy. Ikinji tapgyr (Artemis 2) bortda ekipaž bilen Ýeriň tebigy hemrasynyň töweregine uçuşdyr. Missiýanyň üçünji tapgyrynda (Artemis 3) NASA astronawtlary Aýa düşürmegi, soňra olary 2030-njy ýyllaryň ortalarynda Marsa ibermegi göz öňünde tutýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir