«Microsoft-yň» esaslandyryjysy Bill Geýts telekeçi Ilon Maskyň, «Apple-iň» esaslandyryjysy Stiw Woznýagyň we başga-da 1000-den gowrak pudak hünärmeniniň ösen emeli aňyň (AI) üstünde işlemegi togtatmak baradaky çagyryşyny goldamady. Geýts Reýter habarlar gullugyna beren interwýusynda: "Belli bir topardan [ösüşi] togtatmagy haýyş etmek meseläni çözer öýdemok" - diýdi. Ol tehnologiýanyň ägirt uly artykmaçlyklary bar we ösüşini togtatmagyň ýerine emeli aň pudagyndaky ösüşleri nädip ulanmalydygyna ünsi jemlemeli diýip hasaplaýar. Şeýle hem, Geýtsiň pikiriçe, onuň “töwekgelçilikli ýerlerini kesgitlemeli”. Hünärmenleriň çagyryşy barada teswir beren telekeçi, muny nähili durmuşa geçirip boljagyna düşünmeýändigini aýtdy. Şeýle hem, ähli ýurtlaryň gözlegleri togtatmaga taýýardygyna şübhelenýändigini mälim etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir