Virgin Orbit kosmos kompaniýasy işini bes eder. Bu barada CNBC teleýaýlymy öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Işgärler ýygnagynda Virgin Orbit-iň baş direktory Den Hart korporasiýanyň "ýakyn geljekde" ýapyljakdygyny aýtdy. "Gynansagam, kompaniýa üçin aýdyň ýoly üpjün etjek serişde tapyp bilmedik" - diýip, Hart taslamanyň ýapylmagynyň sebäbini düşündirdi. Virgin Orbit milliarder Riçard Brenson tarapyndan esaslandyryldy we LauncherOne howa tarap badalga beriji raketalary goýberiş hyzmatlaryny hödürleýär. Baş direktoryň sözlerine görä, kompaniýanyň "tizden-tiz, düýpli we diýseň gynandyryjy üýtgeşmeleri" amala aşyrmakdan başga çäresi galmady. Virgin Orbit -iň ýolbaşçysynyň çykyşyndan şereketiň ähli işgärleri diýen ýaly - 875 adamyň ýa-da onda işleýänleriň 90 göteriminiň işden aýryljakdygy mälim bolýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir