Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeniň Aşgabat şäherine sapary 20-nji aprelde meýilleşdirilýär. Bu barada Ierusalimiň The Times of Israel onlaýn-gazetiniň ýekşenbe güni agşam beren habarynda aýdylýar. Geçen hepde Azerbaýjan Ysraýylda öz ilçihanasyny açandan soň, Daşary işler ministri Eli Koen tiz wagtdan Bakuwa ugrar. Ol 18-nji aprelde uçmaly we ertesi gün Prezident Ilham Aliýew we Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşar diýlip garaşylýar. Şeýle-de, Ysraýylyň Daşary işler ministrligi 20-nji aprelde Koeniň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine Ysraýylyň ilçihanasyny açmak üçin uçmak mümkinçiligini öwrenýär diýip, The Times of Israel-iň habarynda aýdylýar.