Birleşen Arap Emirliklerinden bir oglanjyk dünýäde kitabyny çap eden iň ýaş adam boldy. Ol şol wagt 4 ýyl 218 gün ýaşyndady. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär. Said Raşed Almheýri özüniň “Pil Said we aýy” atly kitabyny çap eden wagty 4 ýyl 218 gün ýaşyndady. Kitaby ýagşylyk we dostluk barada gürrüň berýän Almheýri eseri ýazmaga ony iki dilde ýazylan kitabyny neşir eden iň ýaş zenan we iki dilde ýazylan kitap seriýasyny neşir eden iň ýaş zenan hökmünde Ginnesiň rekordçysy titulyna eýe bolan gyz dogany Aldhabiniň ruhlandyrandygyny aýdýar. “Biz bilelikde okaýarys, ýazýarys, surat çekýäris we başga-da köp zatlary edýäris. Men öz kitabymy ýazdym, sebäbi meniň hem öz kitabymyň bolup biljekdigini duýdum” – diýip, Said belledi.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir