Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti we Abu-Dabiniň hökümdary Şeýh Muhammed ben Zaid Al Nahaýýan täze wise-prezidenti, şeýle hem mirasdüşer şazadany we Abu-Dabiniň häkiminiň iki orunbasaryny wezipä belledi. Bu barada BAE-niň Habarlar gullugy habar berdi diýip, TASS ýazýar. Federal Milli Geňeşiň tassyklamagy bilen, şeýh Muhammet çarşenbe güni dogany şeýh Mansur bin Zaid Al Nahaýýany BAE-niň wise-prezidenti edip bellemek barada karar çykardy. Ol bu wezipäni BAE-niň premýer-ministri we Dubaýyň hökümdary Şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum bilen bir hatarda eýelär. Täze wise-prezidentiň bellenilmegi bilen döwlet baştutanynyň birbada iki orunbasary bolar. Şeýh Haled ben Muhammed Al Nahaýýan Abu-Dabiniň mürasdüşer şazadasy boldy. Döwlet baştutany prezidentiň milli howpsuzlyk geňeşçisiniň wezipesini eýeleýän doganlary şyhlar Hazza bilen Tahnuany emirligiň hökümdarynyň orunbasarlary wezipesine belledi. Mundan başga-da, prezident emiriň merkezi dolandyryş edarasy bolan Abu Dabiniň Ýerine ýetiriji geňeşini özgertdi. Mundan beýläk geňeşe mirasdüşer şazada, ýagny şeýh Haled ben Muhammed Al Nahaýýan ýolbaşçylyk eder.