Redmi brendi Hytaýda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda ortaça arzan Note 12 Turbo smartfonyny hödürledi. Dabarada "Garri Potteriň" stilinde ýerine ýetirilen ýörite çäkli wersiýa aýratyn üns berildi. Model aýratynlyklary taýdan adaty görnüşden tapawutlanmaýar, ýöne yzky gapagynda ady hem-de gerbi şekillendirilen romanlaryň stilinde ýerine ýetirilen, içinde bolsa tematiki diwarlyklar we temalar gurnalan, toplumda ýörite daşlyk, 9 3/4 ýazgyly SIM kartlary saklaýjyny aýyrmak üçin guraljyk, ýelmentgiler, çakylyk haty we "talaňçylar kartasy" bar. Kabel bilen zarýad beriji gurluş ak reňkde ýerine ýetirilen. Toplum 2399 ýuana düşýär. Onuň bir wersiýasy bar - 12+256 GB. Satuw 31-nji martda başlar. Smartfona goşmaça hökmünde tematiki dizaýnda ýerine ýetirilen Redmi Buds 4 nauşniklerini hem satyn almak bolýar. Olaryň bahasy 399 ýuan. Nauşnikler ýanyňda götermek üçin deri daşlygy bilen ýörite gutuda gelýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir