Öňki futbol tälimçileri Aleks Fergýuson we Arsen Wenger Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) Şöhrat zalyna girizildi. Bu barada APL-iň Twitter sahypasynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär. Fergýuson 1986-njy ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda “Mançester Ýunaýtede” ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “MÝ” 13 gezek Angliýanyň çempiony boldy. Bu görkeziji boýunça Fergýuson liganyň taryhynda iň üstünlikli tälimçidir. Wenger 1996-njy ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda Londonyň “Arsenalynyň” baş tälimçisi boldy. Ol topary Angliýada üç çempionlyk titulyna getirdi, möwsümleriň birinde topar milli birinjilikde ýekeje gezek-de utulmady. Tälimçilik karýerasyny tamamlandan soň, Wenger FIFA-nyň global futbol ösüşi bölüminiň ýolbaşçysy wezipesini eýeledi. Angliýanyň Premýer-ligasynyň Şöhrat zaly 2021-nji ýylda döredildi. Onuň ilkinji agzalary Alan Şirer, Týerri Anri, Erik Kantona, Roý Kin, Frenk Lempard, Dennis Bergkamp, Stiwen Jerrard, Dewid Bekhem boldy. Fergýuson we Wenger liganyň Şöhrat zalyna girizilen ilkinji tälimçilerdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir