Apple Ýewropadaky fiziki SIM karta goldawy bolan smartfonlary goýbermegi bes eder. Bu barada iGeneration blogynda habar berildi diýip, lenta.ru ýazýar. HBS-niň awtorlarynyň hasabatyna görä, Apple Ýewropada SIM karta üçin ýeri bolan smartfonlary öndürmegi bes eder. 2022-nji ýylda kompaniýa iPhone 14 seriýasyny hödürledi - ABŞ-da modeller adaty SIM karta üçin ýersiz satyldy. Munuň ýerine sarp edijilere integrirlenen elektron SIM kartany (eSIM) ulanmak teklip edildi. Insaýderlere mälim bolşy ýaly, SIM kartasyz iPhone hökman fransuz bazaryna çykar. Şeýle-de bolsa, Apple-iň aýratyn artikullary ýok we şoňa görä-de, dürli Ýewropa ýurtlarynyň bazarlary üçin smartfonlaryň modifikasiýalary hem ýok. Netijede, eSIM-li iPhone 15 enjamlary tutuş sebitde peýda bolar. Cult of Mac neşiriniň žurnalistleriniň pikiriçe, integrirlenen elektron SIM kartalar, olary resmileşdirmek üçin operatoryň ofisine ýörite baryp ýörmezlik artykmaçlygyna eýe. Şeýle hem, abonent SIM kartany aýyrmazdan prowaýderleriň arasynda ondan-oňa çalt geçip biler. Şeýle-de bolsa, eSIM tehnologiýasy henizem ähli bazarlarda meşhur däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir