Aşgabat-London ugry boýunça awiabiletler «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Bir tarapyna bilet 8 müň 706 manat 30 teňňeden satylýar. Aşgabatdan Londona bilet satyn alyp boljak iň ýakyndaky uçuş 5-nji aprelde bolar. Aşgabatdan uçar sagat 13:00-da ugrap, ol Londonyň Stansted howa menziline sagat 15:50-de gonar. Görkezilen baha habaryň çap edilen wagtynda güýji bolup, ol diňe onlaýn satyn almak üçindir. Kassadaky bahalar tapawutlanyp biler. Bileti bank kartynyň üsti bilen onlaýn satyn alyp bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir