Gazly suw öndürijisi Pepsi 2024-nji ýylda logotipini täzelär. Ýazgy indi ortarada gyzyl-ak-gök aýlawyň içinde ýerleşer. 90-njy ýyllarda-da onuň nyşany şeýleräk görnüşdedi. Mundan başga-da onuň esasy reňki açyk gök bolman, gara we gara gök bolar. Şunuň ýaly görnüş Pepsi Zero Sugarda hem ulanylýar. Şeýlelik bilen, kompaniýa süýjini ulanmaga garşy göreşe üns berilýändigini görkezmek isleýär. Pepsi — döwür bilen aýakdaş gidýän brend bolmak bilen, täze nesliň alyjylaryny şöhlelendirýär. Pepsiniň girdejileri, esasan, alyjylarynyň sanynyň köpelmegi bilen däl-de, bahanyň gymmatladylmagy bilen artýar. Şonuň üçin kompaniýa özüniň strategiýasyny üýtgetmek bilen, Z nesline has köp ähmiýet berýär. Geçirilen barlaglara görä, olar 30% süýjini az ulanýarlar. Täze logotipli Pepsi ABŞ-da 2023-nji ýylyň güýzünde ýaýrar, dünýäde bolsa ol 2024-nji ýylda ulanylyp başlanar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir