Saud Arabystanyň häkimiýeti Remezan aýynda "has köp adama dini däp-dessurlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermek" maksady bilen diňe bir gezek umra (kiçijik zyýarata) rugsat bermek kararyna geldi. Saud Arabystanynyň Haj we Umra ministrliginiň habar bermegine görä, mukaddes Remezan aýynda her kimiň bir gezek umra zyýaratyny etmäge hukugy bar, ikilenç gaýtalamaga rugsat berilmeýär. Şeýle edilse beýleki adamlar hem öz dini borçlaryny has amatly we rahat şertlerde ýerine ýetirip bilerler diýip, ministrlikde hasaplaýarlar. Umranyň senelerini üýtgetmek mümkin däl, ýöne Nusuk goşundysy, zerur bolsa, saparyňyzy öňünden ýatyrmaga mümkinçilik berer diýip ministrlikde bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir