The National-yň hasabatyna görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümet ýolbaşçylary iň uly tehnologiýa ägirtleri bilen hyzmatdaşlykda tutuş ýurtda ChatGPT çat-botuna esaslanýan onlaýn-mugallymlary işe girizmegi meýilleşdirýär. Bilim ministriniň pikirine görä, bu talyplaryň biliminiň hilini ýokarlandyrar, derrew seslenme tapar we okuwy has interaktiwleşdirer. "Bütin dünýäde ylym we bilim tehnologiýasynyň ösüşi çaltlaşdygyça okatmagyň adaty usullary üýtgedilýär we innowasiýanyň gurallary bolsa interaktiw we uzak aralykdan okamak arkaly synp otagynda öwrülişik edýär" - diýip, Dubaýda Geljegiň muzeýinde geçen Alef bilim sammitinde Ahmad Al Falasii aýtdy. BAE COVID-19 döwründe, ähli bilim onlaýn ýagdaýda geçirilmeli bolanda tehnologiýanyň nähili peýdaly bolup biljekdigini ilkinji bolup gördi. Şondan bäri ýurt durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda mugallym hökmünde GPT esasly emeli intellekti hem öz içine alýan täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrýar. Şol bir wagtyň özünde, dünýäniň beýleki mugallymlary synpda generatiw emeli aňyň ulanylmagyny gadagan edýärler we BAE-däki ýerli habar beriş serişdeleri ministr Ahmad Al Falasiiniň bu teklibini ChatGPT-iň özüniň döredendigini we aýdandygyny tassyklaýarlar.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir