Ýakynda Counter-Strike 2-iň yglan edilmeginiň çäginde, Counter-Strike: Global Offensive atly häzirki wersiýa gatnaşyjylarynyň sany boýunça ýene bir rekordyny goýdy. SteamDB hyzmatynyň san maglumatyna görä, bir wagtyň özünde Valve-iň onlaýn atyşygynda 1,5 milliondan gowrak adam boldy! Onlaýndaky iň ýokary derejäniň takyk sany 1 507 212 adam. Oýun gatnaşyjylaryň rekordlaryny täzelemegi dowam etdirýär we Steam-de iň köp oýnalýan oýun bolmagynda galýar. Counter-Strike 2 ondanam has köp oýunçyny özüne çekip bilermikä? Muny basym bileris, çünki 2023-nji ýylyň tomsunda döredijiler atyşygyň täze wersiýasyny çykarmagy wada berýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir