2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda Tokioda Garri Potter baradaky filmleriň esasynda tematiki seýilgähi açmak meýilleşdirilýär. Myhmanlar ol ýerde jadygöý oglanjyk baradaky franşizadan dekorasiýalary, rekwizitleri we egin-eşikleri görerler diýip, “The Japan Times” habar berýär. Muny MIR24 ýetirýär. Bu Beýik Britaniýanyň çäginden daşary ilkinji “Garri Potter” studiýa seýilgähi bolar. Onuň meýdany 30 gektara barabar bolar. Onuň çäginde Platforma 9 ¾-iň nusgasy ýerleşdiriler, onuň ýanynda bolsa “Hogwarts Ekspress” otlusy durar. Warner Bros. Tokyo – The Making of Harry Potter boýunça dört sagatlyk ekskursiýanyň çäklerinde filmiň muşdaklary perde aňyrsyndaky wakalar, filmiň surata düşürilişinden asyl zatlar bilen tanşarlar, şeýle-de Platforma 9 ¾-de surata düşüp bilerler. Restoranlarda we kafelerde adaty britan tagamlary hödürlener. Nerima sebitinde ýerleşen Tokio seýilgähi dünýäde “Garri Potteriň” tematikasynda döredilen iň uly özüne çekiji ýer bolar. Ol tas 100 ýyl işländen soň 2020-nji ýylyň awgustynda ýapylan şäherdäki iň uly güýmenje seýilgähleriniň biri bolan Tosimaen seýilgähiniň ýerinde gurulýar. Uly adamlar üçin giriş petegi 6300 ýena, mekdep okuwçylary üçin 5200 ýena, dört ýaşdan uly çagalar üçin 3800 ýena düşer. Petek satuwy eýýäm açyk. Garri Potter baradaky filmler boýunça ilkinji studiýa seýilgähi 2012-nji ýylda Londonda açyldy. Onuň myhmanlary 17 mln adamdan geçýär. Şeýle-de, Beýik Britaniýanyň paýtagtynda “diri galan oglanjygyň” ýadygärligi bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir