Türkmenistanly mekdep okuwçylary biologiýa dersi boýunça geçirilen onlaýn olimpiadasynda 4 sany baýrakly orna — 1 altyn, 1 kümüş, 2 sany bürünç medala mynasyp boldular.2023-nji ýylyň 1-10-njy marty aralygynda London şäherinde (Angliýa) biologiýa dersi boýunça onlaýn görnüşde «Britaniýanyň Biologiýa olimpiadasy» («British Biology Olympiad» BBO — 2023) geçirildi. Olimpiada dünýäniň 800 mekdebinden 13 müňe golaý mekdep okuwçysy gatnaşdy. Türkmenistandan bu ýaryşa gatnaşan Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinden Güljahan Mamanowa — altyn medal, Jelaleddin Aýdogdyýew – kümüş medal, Ahmet Haidow we Akmyrat Hydyrow bolsa bürünç medal gazandy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir