Täzelenen maglumatlara görä, Gün Ýere garşy zabun hüjüme başlady we ýakyn günlerde planetany güýji 5 bala çenli bolan magnit tupany (hadysasy) gurşap alar. Bu görkeziji howa şertlerine duýgur adamlar üçin örän howply, bu diňe bir ýarawsyzlyga we ýadawlyga, iş ukybynyň ýitmegine we ykjamsyzlyga däl, eýsem, bedende agyrynyň, kellagyrynyň döremegine, gan basyşynyň ýokarlanmagyna we başga-da köp zatlara sebäp bolup biler. Tupanyň iň soňky we iň güýçli döwri 24-31-nji mart aralygynda bolar. Bu döwür tupanyň güýji 3-5 bal aralygynda üýtgäp durar. 24-nji mart - güýji 3 bal bolan geozarbalar; 25-nji mart - güýji 4 bal bolan geozarbalar; 26-njy mart - güýji 5 bal bolan geozarbalar; 27-nji mart - güýji 4 bal bolan geozarbalar; 28-nji mart - güýji 3 bal bolan geozarbalar; 29-njy mart - güýji 3 bal bolan geozarbalar; 30-njy mart - güýji 5 bal bolan geozarbalar; 31-nji mart - güýji 5 bal bolan geozarbalar. Geomagnit üýtgemelerine duýgur adamlar üçin maslahatlar Atmosfera basyşynyň birden üýtgeýän şertlerinde gan damarlary ýagdaýa görä üýtgemäge ýetişmeýär, beýniniň gan üpjünçiliginiň bozulmagy töwekgelçiligi ýokarlanýar — gipertoniki krizis, infarkt bolup biler. Baş aýlanma adamyň ýykylmak howpuny ýokarlandyrýar. Magnit tupanlary köp adamyň özüni duýşuna ýaramaz täsir edýär. Howa bagly adamlar magnit tupanyndan birnäçe gün öň we tupan wagtynda özlerini erbet duýup bilerler. Şeýle ýagdaýlarda lukmanlar çilimden we spirtli içgilerden, ýagly iýmitlerden gaça durmagy, arassa howada has köp ýöremegi we ukyňy ýeterlik almagy maslahat berýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir