«Pari Sen-Žermen» we «Çelsi» klublarynyň öňki nemes tälimçisi Tomas Tuhel Mýunheniň «Bawariýasy» tarapyndan klubuň baş tälimçisi hökmünde resmi taýdan tanyşdyryldy. Bu wezipä ol Ýulian Nagelsmanyň deregine geldi. «Bawariýanyň» birnäçe lideri bilen gatnaşyklaryny kynlaşdyrandygy aýdylýan Nagelsmany işden aýyrmak karary klubuň ýokary derejeli ýolbaşçylary Oliwer Kan we Hasan Salihamijiç tarapyndan kabul edildi we prezident Gerbert Haýner bilen ylalaşyldy. Germaniýanyň çempionlarynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Germaniýanyň “Maýns”, “Borussiýa” (Dortmund), "PSŽ" we "Çelsi" toparynyň öňki tälimçisi, 49 ýaşly Tuhel "Bawariýa" bilen 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşdy. Tuhel ilkinji oýnuny 1-nji aprelde "Bawariýa" ýolbaşçylyk edip öňki kluby "Borussiýa" (Dortmund) garşy oýnar. Nagelsmanyň getiren Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynda topar iňlisleriň "Mançester Sitisi" bilen duşuşar. Tuhel karýerasynda klub tälimçisi hökmünde 10 kubok, şol sanda Çempionlar ligasynda, UEFA-nyň Super kubogynda, Klublar arasy dünýä çempionatynda we Fransiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir