Apple kompaniýasy operasion ulgamynyň täze wersiýasyny hödürledi. iOS 16.3 ýakyn wagtda iOS 16.4 bilen çalşyrylar diýip, iPhones.ru ýazýar. Şu wagta çenli Release Candidate diýlip atlandyrylýan OС 16.4 döredijilere 20E246 ýygnalyş belgisi bilen elýeterlidir. Onuň birnäçe goşundylary optimallaşdyryldy, näsazlyklary düzedildi, şeýle-de, 21 emodzi goşuldy. Häzirlikçe girizilen täzelikleriň sanawy aşakdakylar: adaty jaňlar üçin "Ses izolýasiýasy" funksiýasy goşuldy; iCloud Shared Photo Library-de dublikat suratlary gözlemek funksiýasy goşuldy; iPhone 14 we iPhone 14 Pro-da "bökdençlikleri ýüze çykarmak" optimallaşdyryldy; ýagtylandyryjy çyralar ýa-da stroboskoplar tapylanda wideony awtomatiki garaňkyratmak üçin elýeterlilik sazlamasy goşuldy; çagalaryň satyn almak islegleriniň ene-atanyň enjamynda görkezilmezligi bilen bagly mesele düzedildi; esasy ekrana goşulan web-goşundylary üçin bildirişler peýda boldy; Weather goşundysyndaky kartlar üçin VoiceOver goldawy goşuldy; Apple Home bilen baglaşylanda termostatlaryň jogap bermezligine sebäp bolup biljek meseleler aradan aýryldy; Täzelikleriň doly sanawy resmi reliz bilen bilelikde belli bolar we ol TechCrunch-iň onlaýn neşiriniň habar berşi ýaly, mart aýynyň ýa-da aprel aýynyň ahyrynda geçse gerek.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir