“Barselona” futbol boýunça Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň “Real” bilen oýnunda petek satuwyndan gazanan girdejisi boýunça klub rekordyny goýdy. Bu barada RAC1 Twitterde habar berýär diýip, rsport.ria.ru belleýär. Barselonada geçirilen ýekşenbe günündäki duşuşyk hojaýynlaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. “Real” bilen oýna 95 müňden gowrak janköýer gatnaşdy. Klubuň petek satuwyndan gazanan girdejisi 8,2 mln ýewro boldy, şolardan 3 milliony VIP-ýerleriň paýyna düşýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir