Acer iň täze ösüşini - emeli intellektli ilkinji elektriki welosipedini görkezdi. Model ebii diýlip atlandyrylýar. Täze önümiň agramy takmynan 16 kg, tapawutly aýratynlyklary “ýokary derejeli bölekleriniň”, “guşak geçirijisiniň” we bozulmak howpuny azaldýan ýelsiz tekerleriniň bolmagydyr. Elektriki welosipediň ýene bir aýratynlygy - oňa emeli aňyň oturdylmagydyr. Howpsuzlyk we gulpuny eldegirmesiz açmak üçin çaknyşygy kesgitleýji datçikleri ulanyp, peredaçany çaklaýar we gözegçilikde saklaýar. Bir gezek berlen zarýad bilen enjam 109 km-e çenli ýol geçip, tizligini sagatda 25 km-e çenli ýetirmäge ukyplydyr. Welosipediň aýrylyp-goýulýan akkumulýatory ykjam gurluşlara zarýad bermek üçin göçme elektrik bekedi hökmünde hem ulanylyp bilner.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir