Şu gün, 22-nji martda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy bolan mukaddes Oraza aýy başlanýar. Türkmenistanda şu ýyl Orazanyň ilkinji güni 23-nji marta, soňky güni bolsa — 20-nji aprele gabat gelýär. Gadyr gijesi aprel aýynyň 17-sindan 18-ine geçilýän gijä düşýär. Baýram namazy 21-nji aprelde okalar. Şu salgydan Oraza aýynyň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlary üçin agyz beklenýän we agyz açylýan wagtlarynyň senenamasyny ýükläp alyp bilersiňiz. TmCars-yň adyndan ähli musulman doganlarymyza bu mukaddes aýda eden doga dilegleriňiziň, tutjak orazalaryňyzyň kabul bolmagyny arzuw edýäris!

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir