Wengriýada robotyň kömegi bilen rak çişini aýyrmak boýunça ýurtda ilkinji operasiýany geçirdiler. Prosedura Peç uniwersitetiniň kliniki merkezinde geçirildi, robot hassanyň kellesiniň we boýnunyň howply çişini aýyrdy diýip, forbes.kz habar berýär. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, robotyň kömegi bilen operasiýa wagtynda az sanly adamyň gatnaşmagynda ýokary takyklygy gazanmak başartdy. Robot hirurgiki gurallary özbaşdak dolandyrýar. Şeýle operasiýany geçirýän lukmana bolsa diňe prosesi gözegçilikde saklamak galýar. Şeýle kömekçiniň kömegi bilen hirurglar az ýadaýarlar we has köp hassa kömek etmek mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir