agzalaryn gitdigiche azalyar dost. Intagem giych dal, oyan. Meni adminin ahli hukuklary bilen upjun et, men Talyplar.com-yn dizaynyny we beyleki 20 sany soz beren ahli duzedishlerimi edip berjek. Admin uky oyan. Bir agzanam galmaya bolmasa.
Admin admin oyan admin uky
-
shahyr
13 years ago
- serkan45, bar gidip peydaly ishler bilen meshgullan. Agza gozleyan yok barde. Gelen geler giden gider.
-
mirasymyz
13 years ago
- serkan! biziň-ä adminden şikaýatymyz ýok. täze adminem gerek däl. yslamyň ýazýan zatlaryndan-a asla-da şikaýatym ýok. dereksiz zatlary aýyrýar. ýöne seniň ýazgylaň, dogrymy aýdýan okar ýaly däl. bu ýere her hili adam girýär. "vika bilen..." munuň ýaly zat ýazmaweri dostum. özümüz gowy bolsak agzalar gowyla. gowja zatlar ýaz, hiç kim hiç zat diýmez. bu ýerde admin doly hakly, senem haksyzsyň. dostum ýöne gaty görme. men-ä öz pikirimi aýtdym. göwnüňe degen bolsak bagyşla. Ýöne dereksiz zat ýazmaly.
-
kkk
13 years ago
- dostlar men bu sayda taze girdim. bu sayt barada dusunjam yok. eger mumkin bolsa bu sayt bilen tanysdyrsanyz.
-
yslam
13 years ago
- serkan45 ilki ozuni duzet, seng onaryan zatlaryny hem-de onarmayan (edip bilmejek) zatlarynam onaryan adamlar bar... ing govusy ozuni gowja alyp bar!
-
mirasymyz
13 years ago
- serkan45 magtymguly atamyzyň şu goşgysyny okap, birazajyk öz hereketlerimize seretsek, ýazýan zatlarymyz hakda oýlansak, kimleň okaýanyny pikir etsek, öz uýamyz, dostumyz, ejemiz, daýzamyz, kakamyz okaýandyrlar diýip pikir etsek gowy bolarmyka diýýän. gel, gowja ýazgylar ýaz, ilki bilen özüm goldap başlaýyn. ne gözel ýazgylary zaýalamaly-da. bu ýere kurandanam, hadysdanam, ýa-da öwülýalar hakda-da ýazgylar ýazylyp dur. gel şolaryň hormatyna hapa sözler ýazmalyň. biz türkmen-ä how. dogrymy aýdýan, ýazýan zatlaň türkmene gelişenok. hemme edilen işleriň aýan ediljek güni hem bardyr. hemmämiz islesek-islemesek hökman biri-birimiz bilen ýüzleşdiriljekdiris. biri-birimiz bilen duşman hökmünde dälde dost hökmünde ýüzleşsek nähili gowy bolar. möwlana hezretleri diýýärä "gel-gel müň gezek tobaňy bozanam bolsaň gel". bizem senden gowy, peýdaly ýazga garaşýas. şu ýazgy agzalar hemmämize degişli. ýazýan zatlarymyz barada pikir edeliň. hapa ýazyp ile ýamanlyk edemizok, öz günämizi köpeldýäs. ýazan hapa sözlerimizi kim okasa, biziň günämizem şonça köpelýär. gowy zat ýazsaňam şonuň ýaly. serkan dostum, peýdalanarsyň diýip umyt edýän.
BU IŞI
Bende, sen bet işe batyrlyk etme,
Alnyňda goýarlar ol gün bu işi!
Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme,
Hajalata goýar, bilgin bu işi!
Nebsiň aýdar: “Urgun bu bir hözirdir!”
Janyň aýdar: “Haý, dur, Taňry häzirdir!”
Sen görmeseň, ol-ha saňa nazyrdyr,
Utangyn, eýmengin, goýgun bu işi!
Bir ýolda güňä bar, bir ýolda sogap,
Arasatda senden istärler jogap,
Halala hasap biýr harama-azap,
Şeki ýokdur, ýada salgyn bu işi!
Ömrüň geçip bargan ýazdyr bir sagat,
Ne bolar, bu ýazda eýleseň tagat,
Sogaba şatlyk bar, jürme – hyjalat,
Boýnuňa almagyn, gelgin, bu işi!
Başyň göge, göwsüň ýele göterme,
Köňlüňe gorkyny çala getirme,
Ýürekde ýok sözi tile getirme,
Yhlas gulagyna çalgyn bu işi!
Mysapyr sen, mukym işin gurar sen,
Bibaky dünýäde niçe durar sen,
Munda ne iş etseň, anda görer sen,
Ýagşydyr, ýamandyr ol gün bu işi!
Şeýtan aýdar: “Şirin işdir, azagoý!”
Rahman aýdar: “Nebs umydyn üzegoý!”
Magtymguly: “Tur, goluňny köze goý,
Eger dözebilseň, kylgyn bu işi!”
-
mirasymyz
13 years ago
- adgjmtv, razy bol,goşgyny senden kopiýaladym.
Serkanynejjesi 13 years ago- Guzym, admin saña näme etdi, götüñe dürtdümi balam