Sanly gajetleri bilen tanalýan Hytaýyň Xiaomi korporasiýasynyň ilkinji elektrokary süýnmek dizaýnly ykjam sedan bolar. Muňa geljekki täze ulagyň CarNewsChina tarapyndan neşir edilen suratlary hem şaýatlyk edýär. Suratlaryň çeşmesi takyk aýdylmaýar, ýöne käbir jikme-jikliklerden çen tutsa, olar Hytaýyň sosial torlaryna ýaýradylan resmi tanyşdyrylyş suratlary bolmaly. Surata düşürilen elektrokarda dinamiki gabara, haýbatly öň bamper, üýtgeşik dizaýnly baş optika we çaklaňja ýükdan bar. Yzky konturyň Aston Martin superkarlarynyň arka tarapy bilen baglanyşygy bar. Elektrokar merkezde Xiaomi-niň nyşany we açyk sary tormoz saklaýjylary (Brembo bolmagy mümkin), özüne çekiji tekerler bilen enjamlaşdyryldy. Onsoňam, öň aýnasynyň we üçeginiň sepgidinde ösen özbaşdak dolandyryş ulgamynyň bardygyny görkezýän lidaryň “akymy” aýdyň görünýär. Tehniki aýratynlyklary entek yglan edilmedi. Täze ulagyň diňe CATL we BYD-den batareýalaryny aljakdygy we Xiaomi-niň özi sedan üçin elektromotorlary öndürjekdigi mälimdir. Ilkinji elektromobiliň önümçiligi 2024-nji ýylyň başynda başlanar.