«Galkynyş» at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçiriljek 47-nji Sirk sungaty Halkara festiwalyna gatnaşmak üçin resmi çakylyk aldy. Iň abraýly sirk şüweleňleriniň biri bolan bu festiwal 2025-nji ýylyň ýanwarynda Monakoda geçiriler. Ýakynda festiwalyň prezidenti Urs Pilz bilen geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Ahalteke atçylyk toplumynyň at üstündäki milli oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew bilen Türkmen Döwlet sirkiniň direktory Serdar Gurbangulyýew türkmen jigitleriniň Monte-Karlo saparyny guramaga taýýarlygyny tassykladylar. Festiwalyň prezidenti türkmen artistlerini at üstünde oýunlary görkezmekde iň gowularyň biri diýip atlandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir