Eplenýän smartfonlar indi geň we görülmedik zat däl. Olaryň söwdasy barha artýar we TrendForce-iň maglumatlary munuň ýokary depginde ösýändigini görkezýär. 2022-nji ýylda dünýäde 12,8 million sany eplenýän smartfon satyldy, bu bolsa 2021-nji ýyldakydan 44% köpdür. Seljerijiler şu ýylyň ahyryna çenli 18,5 million smartfonyň satylmagyna garaşýarlar. Geçen ýyl hem Samsung-yň bähbidine boldy: bazardaky söwdanyň 82%-i koreý ägirdiniň paýyna düşdi. Seljerijiler Samsung-yň paýynyň şu ýylyň ahyrynda nähili üýtgejekdigini heniz çaklap bilenoklar, ýöne ol kemelse gerek diýip hasaplanýar, sebäbi eplenýän smartfon öndürýän kompaniýalaryň sany barha artýar. Mundan başga-da, TrendForce-iň seljerijileri, Samsung-yň häzir hem edişi ýaly, has ýönekeý we arzan şarnirleri ulanmagyny, Ice Universe insaýderiniň maglumatlaryna ters gelse-de, dowam etdirjekdigini aýdýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir