19-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna bir günlük iş saparyny amala aşyryp, tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan «Galkynyş» gaz känine baryp gördi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow degişli çyzgylary görkezip, “Galkynyş” gaz känindäki işleriň ýagdaýy, önümçilik desgalarynyň kuwwaty, guýularyň gurluşygynyň tapgyrlary, täze guýularyň özleşdirilişi barada hasabat berdi. «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde birnäçe düzümleýin desgalary gurdy. Bu gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, gaýtadan işlemek we ibermek bilen baglanyşykly ähli tehnologik işler awtomatlaşdyryldy. Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň ähmiýetini nygtap, içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmegiň hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň depginini ýokarlandyrmak hem-de pudagyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi. Ýol ugruna döwlet Baştutany dikuçarda welaýatyň çäginden geçýän Garagum derýasyny synlady. Sowuk howa akymlarynyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagy bilen, derýada buz gatlagy döredi. Şoňa görä-de, onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli çemeleşmek gerek diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir