Şu gün, 20-nji ýanwarda ýurdumyzyň ýaşuly wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulyş dabarasy geçiriler. Düýbüni tutmak dabarasy, şeýle hem onuň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler bilen bagly guramaçylyk-taýýarlyk işleri barada 19-njy ýanwarda geçirilen Hökümet maslahatynda aýdyldy. TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, Ahal welaýatynyň baş metjidini gurmak boýunça yglan edilen bäsleşikde «Altyn» hojalyk jemgyýeti ýeňiji boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji ýanwarda Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde yslam dünýäsinde metjidiň mährabynyň Käbä tarap bakdyrylýandygyny aýdyp, mukaddes binanyň gurluşygyna sähetli gün badalga berilmeginiň we bu işlere Käbä tarap bakyp başlanmagynyň göwnemakul boljakdygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir