2023-nji ýylyň 12-14-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň üçin görülýän taýýarlyk barada wise-premýer M.Mämmedowa penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Bellenilişi ýaly, döredijilik çäresine gatnaşmak üçin Eýranyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň wekiliýeti Aşgabada geler. Medeniýet günleriniň çäklerinde konsert, doganlyk halkyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, iki ýurduň suratkeşleriniň ussatlyk sapaklary we duşuşyklary, eýran kinofilmleriniň görkezilişi bolar. Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel künjeklerine gezelençler guralar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir