Hytaýyň Senagat we informatizasiýa ministrligi resmi bildiriş edilmezden ozal, Ford Explorer Timberline krossoweriniň wnedorožnik wersiýasynyň suratlaryny we häsiýetnamasyny çap etdi. Hytaýyň Senagat ministrliginiň habaryna görä, Ford Explorer Timberline 19 mm ulaldylan klirensi bilen tapawutlanýar. Geçen ýylyň standart modeliniň ýol prosweti 200 mm. Şeýle hem ol 18 dýuýmlyk diskli ýörite wnedoroşnyý şinalara, täze bampere, kuzowy üýtgeşik reňke eýe bolar we radiatoryň gözeneginde hrom bolmaz. Ford Explorer Timberline on basgançakly awtomatiki geçiriş korobka we doly priwod ulgamy bilen işleýän, aýlanýan pursady 425 Hm-ly, 276 at güýjüne eň, 2,3 litrlik benzinli hereketlendirijini alar. Iň ýokary tizligi sagatda 180 km bolar. Ölçegleri 3024 mm tigirli bazasy bilen 5066 x 2004 x 1797 mm bolar. Awtoulagyň umumy agramy 2139 kg. Awtoulagyň bahasy ýakyn wagtda geçiriljek tanyşdyryş dabarasynda yglan ediler.