Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Bill Geýts gündelik durmuşynda Samsung Galaxy Z Fold 4 smartfonyny ulanýandygyny aýtdy. Bu barada amerikaly telekeçi Reddit platformasynyň ulanyjylary bilen gürrüňdeşlikde söz açdy. Milliarder bu gajeti oňa Günorta Koreýa gezelenç eden wagty Samsung Electronics-iň prezidenti Li Je Ýonuň hut özüniň sowgat berendigini aýtdy. Geýts gajetde Outlook maglumatlar menejerinden we poçta müşderisinden, şeýle-de Microsoft-yň başga-da birnäçe programmasyndan işjeň peýdalanýandygyny belledi. Şeýle-de, milliarder Samsung gurluşynyň displeýiniň möçberiniň planşet kompýuterini ulanmaga zerurlyk döretmezden birnäçe ýumuşlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Samsung Galaxy Z Fold 4 2022-nji ýylyň awgust aýynyň ortalarynda ilkinji gezek görkezildi. Smartfonyň işine sekiz ýadroly Snapdragon 8+ Gen 1 çipseti we 12 Gb operatiw ýat jogap berýär. Açylan ýagdaýynda iki displeýiň umumy diagonaly 7,6 dýuýma ýetýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir