Hytaýda we Ýewropada islegiň ýokarlanmagy bilen bagly 2022-nji ýylda elektromobilleriň ählumumy satuwy ep-esli ýokarlandy. LMC Automotive we EV-Volumes.com-yň maglumatlaryna görä, ýyllyk awtoulag satuwynda olaryň paýy 10% -e ýetdi. Şu maglumatlara laýyklykda, doly elektrikleşdirilen awtoulaglaryň ýerlenilişi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 68% ýokarlanyp, 7,8 million birlige ýetdi. Ýewropada elektromobilleriň umumy satuwdaky paýy 11%, Hytaýda 19% boldy. Elektromobiller, şeýle hem geçirilýän gibrid ulaglar 2022-nji ýylda Ýewropa bazarynda awtoulag satuwynyň jemi 20,3% -ini emele getirdi. Nemes awtoulag senagaty birleşiginiň (VDA) habaryna görä, elektrik hereketlendirijili awtoulaglar geçen ýyl Germaniýada öndürilen awtoulag önümçiliginiň 25%-ini emele getirdi. Dekabr aýynda olaryň Germaniýadaky satuwy içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň satuwyndan ýokary boldy. Dünýäde umumy awtoulag satuwy geçen ýyl 1% azaldy we 80,6 million birlik boldy. Onuň ABŞ-da 8%, Ýewropada 7%, Hytaýda 4% aşaklandygyna LMC-iň maglumatlary şaýatlyk edýär.