Geçen ýylyň mart aýynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ötegçi asman jisimlerini öwrenýän ylmy-barlag toparynyň alymlary «Zwicky» taslamasynyň çäklerinde täze bir kometanyň üstünden bardylar. Başlangyç hasaplamalara görä, ol şu golaýda Ýer togalagyna iň ýakyn nokadyna çenli geler. Ýyldyzlar, kometalar bilen gyzyklanýanlar üçin bu ajaýyp sowgatlaryň biri bolsa gerek, çünki ony diňe teleskoplar arkaly däl, eýsem, adaty göz bilenem synlap bolar. Kometa, esasan, buzdan, tozandan we ownuk gaýa parçalaryndan ybarat bolup, Gün ulgamynda aýlanýan kiçijik jisimlerdir. Olaryň diametrleri birnäçe ýüz metrden onlarça kilometrlere çenli baryp ýetýär. Kometa Güne ýakynlaşdygyça doňan maddalar gyzyp, içindäki gazlar çykyp başlaýar. Kometanyň tizligi hem-de Gün tarapyndan öwüsýän ýeller bu asman jisiminiň arka tarapynda guýruk şekilleriniň peýda bolmagyna getirýär. Şonuň üçinem kometalaryň «guýrugy» hemişe Güne garşy ters tarapa bakýandyr. Bu türkmen halkynyň arasynda «Guýrukly ýyldyz» diýilýän asman jisimleridir. «Guýrukly ýyldyz» görünýän mahaly dünýä inen ýa-da göwrede galan çagalaryň has zehinli, ukyply, başarnykly bolýandyklary birnäçe türkmen dessanlarynda hem bardyr. «Gülpam» dessanynda bu waka has-da aýdyň suratlandyrylýar. Kometalar uzak möhletden hem-de gysga möhletden aýlaw edýän iki topara bölünýärler. Günüň daşyndaky aýlawy 200 ýyldan gowrak wagtyň içinde tamamlanýan orbitaly kometalar (Hyakutake, Hale-Bopp); şeýle hem 200 ýyldan az möhletde aýlaw edýän kometalar (Tempel, Encke) bardyr. Ýere golaýlaşyp gelýän täze «ötegçi» bolsa has uzak möhletden aýlaw edýän kometalara degişli. "C/2022 E3" diýlip atlandyrylýan täze kometa Gün ulgamynyň daş-töweregini tutuşlygyna gurşap alan Oort dumanlyklaryndan (Oort Cloud) gaýdýandyr. Ol Günüň daşyndan her 50 müň ýylda bir gezek öwrüm edýär. Şonuň üçinem bu kometa aýlawynyň uzaklygy bilen tapawutlanýan «guýrukly ýyldyzdyr». Täze kometany haçan we nädip görüp bileris? Astronomik gözegçiligine görä, "C/2022 E3" kometasy 12-nji ýanwarda Güne iň ýakyn nokadyna ýetdi. Kometa häzir Ýer togalagyna tarap hereket edýär. Hasaplamalara görä, bu kometa fewral aýynyň 1-2-si aralygynda Ýeriň 42 million kilometr golaýyndan geçer. Parlak ýagty häsiýete eýe bolan kometany şol günlerde asmana bakyp, teleskopsyz hem saýgaryp bolar. Asman ýyldyzlaryna beletçiligiňiz bar bolsa, bu kometany Žirafa (Camelopardalis) ýyldyzlar toplumynyň töwereginde ýaşyl öwüsýän öçügsi bir parçajyk hökmünde görersiňiz. Eger-de asmanyň ýyldyzly älemi size nätanyş bolsa, onda “Google Sky Map” ýaly dürli programma üpjünçiliklerini peýdalanmak arkaly gözleýän ýyldyzyňyzy asmandan tapyp bilersiňiz. Elbetde ony dürbi ýa-da teleskop arkaly synlamak has gowy täsirleri bagyş eder. Täze «ötegçi» 10-11-nji fewralda gijeki asmanda gyzyl reňkde görünýän Myrryh (Mars) planetasynyň golaýyndan geçer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir