Jeýms Kemeronyň iň meşhur “Awatar: Suwuň ýoly” filmi dünýäde 1,901 milliard dollar girdeji gazandy. Munuň özi Marvel-iň ​ “Möý-adam: Öýe ýol ýok” (1,916 milliard dollar) komiksini taryhda iň köp girdeji gazanan filmleriň sanawyndaky altynjy setirden ýakyn günlerde süýşürmek üçin ýeterlikdir. Agzalan puluň 570 million dollary Demirgazyk Amerikada we 1,3 milliard dollary halkara sebitlerinde gazanyldy. Kemeronyň iki filmi birbada iň köp girdeji gazanan 5 filmiň hataryna girdi - birinjisi “Awatar” (2,922 milliard dollar) we “Titanik” (2.187 milliard dollar). Seljerijiler "Suw ýoly" geljek hepdäniň ahyrynda olara goşular diýip çaklaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir