Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen 17-nji ýanwarda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy diýip, Kremliň metbugat gullugy habar berýär. Iki ýurduň Liderleri türkmen-russiýa strategiki hyzmatdaşlygynda gazanylan sepgitlere ýokary baha berip, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, habarda aýdylýar. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda ýurdumyza meýilleşdirilýän saparyna aýratyn ünsi çekdiler. Bu saparyň barşynda ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmek, resminamalaryň birnäçesine gol çekmek, iri işewürlik maslahatyny hem-de köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir