2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Moskwadan we Kazandan amala aşyrylýan gatnawlary Aşgabadyň Halkara howa menziline ýerine ýetiriler. Bu barada Aşgabadyň aeroportynyň sorag--jogap gullugy habar berdi. Häzirki wagtda Russiýadan gatnawlar Moskwa - Türkmenbaşy we Kazan - Türkmenabat ugry boýunça ýerine ýetirilýär. 1-nji fewraldan uçarlar Aşgabat - Moskwa - Aşgabat we Aşgabat - Kazan - Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylar. Bu günki gün «Türkmenhowaýollary» Aşgabatdan Dubaýa, Kazana, Moskwa, Stambula we Frankfurta halkara gatnawlary ýerine ýetirýär. 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan bu gatnawlar boýunça uçarlar hem Aşgabadyň Halkara howa menziline gondurylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir