Ford kompaniýasy Ýewropanyň bazarlaryna goýberiljek elektromobilleriň indiki neslini döretmekde Volkswagen awtokonserniniň tehnologiýasyna garaşlylygyny kemeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada duşenbe güni Financial Times habar berdi diýip, TASS habar berdi. Ford-yň ýewropa bölüminiň başlygy Martin Sanderiň sözlerine görä, kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap öz tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna awtoulag öndürmäge başlamagy göz öňünde tutýar. Täze ulgam "örän oňaýly we kuwwatly" bolar we Volkswagen bilen hiç hili baglanyşygy bolmaz. Şol bir wagtyň özünde, Ford beýleki kompaniýalar tarapyndan işlenip düzülen tehnologiýalary ulanyp, geljekki elektrik ulaglaryny öndürmegiň üstünde işlemek üçin hem açykdyr. Şeýle-de bolsa, Financial Times gazetiniň belleýşi ýaly, üstümizdäki ýylda we indiki ýyllarda ABŞ-nyň awtoulag öndürijisi Forduň Kölndäki zawodynda ýygnalan, nemes öndürijisiniň akkumulýatorlary bilen Volkswagen MEB (Modular electric-drive toolkit) platformasy esasynda iki sany elektromobili öndürmäge taýynlanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir