2023-nji ýylyň 20-nji martynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada wise-premýer M.Mämmedowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halkara forumyň barşynda daşary ýurtly myhmanlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, ýurdumyzyň özboluşly taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri, muzeýleri we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylar, ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşdyrylar. Maslahata gatnaşyjylara täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça özara pikir alyşmak mümkinçiligi dörediler, şeýle hem syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir