Pandemiýa zerarly ýatyrylan halkara gatnawlarynyň peteklerini indi 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli çalşyp bolýar. Ozal 2020-nji ýylyň 20-nji martyna çenli satyn alnan petekleri 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli çalşyp bolýardy. Bu üýtgeşme barada ORIENT agentligi «Türkmenhowaýollaryna» salgy;anyp habar berdi. Uçar petegini gidilýän ýurda baglylykda täzesine çalşyp bolýar. Meselem, eger-de ýolagçynyň Aşgabatdan Sankt-Peterburga ýatyrylan gatnawa petegi bar bolsa, ol ony Aşgabatdan Moskwa ýa-da Kazana tölegsiz çalşyp bilýär. Türkmenistanyň entek uçuşlary ýola goýmadyk ýurtlaryna petekleri çalyşmak mümkin däl. Şunda 1-nji martdan başlap, ähli ýolagçylaryň ozal satyn alnan biletlere tölenen pullaryny hiç hili tutumsyz yzyna gaýtaryp almaga mümkinçiligi bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir