Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda Aşgabatda gelmegi meýilleşdirýär. Ol Aşgabatda geçiriljek türkmen-russiýa işewürler forumyna gatnaşjak wekiliýete ýolbaşçylyk eder diýip, sng.fm habar berýär. Forumyň çäklerinde işewür geňeşleriň bilelikdäki mejlisi geçiriler. Ulag we logistika, bilim, senagat, sanly ulgam we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzugy bolar. Işewürler forumynyň birinji gününde pudaklaýyn B2B duşuşyklary meýilleşdirilýär. Şeýle hem forumyň geçirilýän günlerinde türkmen paýtagtynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy we «Russiýanyň söwda öýi» söwda-sergi meýdançasynyň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir